BIZNES

Ýyldyrym uçara kär edip bilmedi

Kazan şäherinden Soçä uçan uçar gonmak üçin bulutlaryň arasyna girende ýyldyrym çakdy. Ýakynda çakan ýyldyrym uçara degip, ýolagçylarda gorky döreden hem bolsa uçarmanlar bu gonuşy üstünlikli amala aşyrdylar. Hiç bir ýolagça zeper ýetmedi diýip, Soçi şäheriniň Halkara howa menziliniň metbugat gullugy ýazýar.

Howa menzilinden 35 kilometr uzaklykda ýüze çykan hadysa ýagynly howa şertleriniň çygrynda bolup geçdi. Ýyldyrymyň uçara degmeginden aljyramady Airbusyň uçarmanlary uçary Soçi şäheriniň Halkara howa menziline endigan gondurdylar. Ýöne şondan soňra uçar Moskwanyň “Wnukowa” Halkara howa menziliniň bazasyndaky bejeriş-abatlaýyş bölümine ugradyldy. Soçi ― Kazan ugry boýunça göz öňünde tutulan indiki gatnaw bolsa başga bir uçarda amala aşyryldy.

Russiýada beýle ýagdaý soňky üç aýyň içinde ikinji gezek ýüze çykýar. Ýanwar aýynda Rimden Moskwa gelýän Airbus A320 uçaryna-da ýyldyrym degipdi. Ýöne bu gezek hem ýolagçylaryň hiç birine zeper ýetirilmän, uçar üstünlikli gondurylypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler