SIZDEN GELENLER

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

 Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerine baý döwletleriň biridir. Elektrik energiýasyny öndürmek tutuş dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, bu pudaga maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Häzirki çylşyrymly şertlerde ýurduň ykdysady ösüşini durnukly ýagdaýda saklamak, halkara hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler boýunça täzeçe çeşmeleri girizmek  gaýragoýulmasyz  wezipeleriň esasylarydyr. Bu ugurda Türkmenistan energetika diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, energiýa durnuklylygyny üpjün etmek, aýratyn-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 26-njy iýunda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça pudagara iş toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn esasda guralmagyny üpjün etmekde hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda dünýä tejribesini içgin öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Elektrik  energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar bu pudagyň okgunly ösüşini nazarlaýar. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýalary we täze görnüşli paýlaýjy kiçi elektrik beketleriniň onlarçasy ulanylmaga berildi, müňlerçe kilometr uzynlykda elektrik geçiriji ulgamlar çekildi.

Türkmenistan dünýäde energiýanyň täze we elýeterli gorlaryny işläp taýýarlamaga, özünde bar bolan bäsdeşlik  artykmaçlyklarynyň has netijeli, umumadamzat bähbitleriniň hatyrasyna amal edilmegine gönükdirilen taslamalary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň Hökümeti bilen Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň bilelikde guran «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» ady bilen  Aşgabat forumynyň geçirilmegi bu ugurdaky işlere giň ýol açdy.

Ýurdumyzda bu pudagyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, önümçilige kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sowatly we innowasiýalardan oňat baş çykarýan ýaş nesilleri ýetişdirmek hem-de ýurdumyzyň energetika pudagyny ussat we başarjaň hünärmenler bilen üpjün etmek babatda ýokary sepgitlere ýetilýär.

Ägirt uly energiýa serişdelerine eýe bolan Türkmenistan özüniň energetika baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmak babatdaky ynsanperwer ýörelgelerini netijeli durmuşa ornaşdyrýar. Şu maksatlardan ugur alyp, ýangyç-energetika toplumy döwrebaplaşdyrylýar. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylýar. Eziz Diýarymyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň öndürilişiniň depgini ýokarlandyrylýar. Pudaga innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu bolsa elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini döwrebap ýola goýmaga itergi berýär.

 

Gülnar ÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty