Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ata Watanymyzy geljek ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berildi. Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak ýaly ençeme beýleki möhüm ugurlar döwletimiziň agrar syýasatynda anyk beýanyny tapdy. Ýurdumyzda ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, şeýle hem seçgiçilik, tohumçylyk işleri ýaly pudaklary işjeň ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň we topragyň önümliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk ýerleriniň suwlulandyrylmagyna we melioratiw taýdan gowulandyrylmagyna aýratyn üns berýär.
Ine, düýn ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilmegi obasenagat toplumynda gazanylan üstünlikleriň buşlukçysy bolup hyzmat edýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy.
Hasyl toýunyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary “ak altyn”, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýylyň başyndan bäri obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Gök önümleri öndürmek boýunça meýilnama 118 göterim, bakja ekinleri boýunça 110,1 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.
Arkadagly eýýamymyzda diňe bir azyk howpsuzlygy gazanylman, eýsem, Türkmenistan 2011-nji ýyldan başlap dänäni eksport edýän döwletleriň sanawyna goşuldy. 2015-nji ýylda biziň ýurdumyzyň üstünlikleri BMG-niň Azyk we oba hojalyk önümçiligi guramasy (FAO) tarapyndan hasaba alyndy. Türkmenistan bu gurama tarapyndan bellenilen maksatnamalaryň biri bolan «Müňýyllygyň ösüş maksatnamasyna» laýyklykda, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin ýörite baýraga eýe boldy.
Häzir Türkmenistan bugdaýy we uny daşary ýurtlara ýerleýän ýurda öwrüldi. Ekerançylygyň azyk we çig mal pudaklary-da durnukly ösýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oba hojalygyny özgertmek hem-de ösdürmek, sahawatly ene topragymyzyň berekediniň has-da artmagyny ylmy esasda gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler her bir türkmenistanlyny beýik tutumly işlere ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr.
Nursoltan Akgaýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.