BIZNES

Ykdysady üstünlikleriň sergisi we dokma dükanlary

Ýurdumyzyň  Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler  we Aşgabat şäherinde dokma dükanlary açylar, bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berildi.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, hususan-da hususy pudagyň gazanýan üstünlikleri, milli ykdysadyýetimiziň köp ugurly kuwwatlylygyny we pudaklaryň sazlaşykly ösüşini beýan edýän diwarlyklaryň 70-dan gowragy gurnalar.

Şeýle hem “Sanly ykdysadyýet we ykdysady ösüşiň möhüm ugurlary” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlary açylar. Olarda Türkmenistanda öndürilýän we uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasy guralar.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär