Şu gün — 20-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Gözden geçiriliş paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guraldy. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilýän sergide okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler döwlet we hususy düzümleriň öndürýän ýokary hilli önümleridir ýerine ýetirýän döwrebap hyzmatlary bilen tanyşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi ajaýyp däbe öwrülen bu sergide – milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan köpmilletli agzybir halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň aýdyň beýany bar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyny şertlendirýär. Baýramçylyga bagyşlanan sergide gurnalan diwarlyklarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler aýdyň beýanyny tapýar.
Şeýle hem oňa ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän döwlet düzümleri hem-de hususy kärhanalar gatnaşýar. Innowasion tehnologiýalara esaslanmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek olaryň öňünde durýan möhüm wezipedir.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda belläp geçişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ulgamlaryny ösdürmekde belent sepgitlere ýetip, sebit hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeni-durmuş maksatly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, döwrebap desgalaryň her ýylda ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi, eziz Diýarymyzyň halkara derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz ösüşlerimiziň berk binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly özgerişler, ösüşler bolup geçdi. Eziz Diýarymyz ähli ugurlarda: syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de bilim ulgamynda belent sepgitlere eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler giň göwrümliligi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän ajaýyp binalar halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr. Gurluşyklaryň gerimi barha giňeýär. Munuň özi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Aýlar Amanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
