Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä nusgalyk tutumlary netijesinde ajaýyp döwrümiz şanly wakalara beslenýär. Ata Watanymyzyň ykdysadyýeti ösýär, ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanylýar. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Eziz Diýarymyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň okgunly hem-de depginli ösüşlerine şu ýylyň 10 aýyndaky görkezijiler hem aýdyň subutnama bolup durýar.
Geçen 10 aýyň dowamynda jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesi saklanyp galyndy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de önümleriň eksport ugurlaryny giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň hemişe üns merkezinde durýar.
Ykdysady ösüşlerde sanly ulgama hem uly orun degişli bolup, sanly ykdysadyýet ulgamy hem giň gerime eýe bolýar. Ylmy-tehniki ösüşiň döwrebaplaşýan döwründe söwdanyň elektron görnüşi ilat köpçüligine ykdysady taýdan wagty tygşytlama kanunyna esaslanyp, bir wagtda birnäçe amallary ýerine ýetirmäge, şeýle-de maliýe serişdelerini tygşytlamaga şert döredýär. Indi amallaryň elektron görnüşlerine ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň aglabasynda duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna we Maksatnamasyna laýyklykda, döwletli başlangyçlar rowaçlanýar. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri her bir ädimde ýakyn ýardamçymyz bolup hyzmat edýär.
Hususan-da, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, okuw-usulyýet işiniň kämilleşdirilmegine, häzirki zaman ylmy-usulyýet we hukuk binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirildi. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary kämilleşdirildi, kitaplar, gollanmalar neşir edildi. Talyplar we mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, medallara mynasyp boldular. Bilim ministrliginiň düzüminde ýaşlar syýasaty bölümi döredildi.
Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak, iri ylym-bilim merkezleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Bilim ulgamyny özgertmek boýunça ählumumy sammit geçirildi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň bilimi özgertmäge ygrarlydygy baradaky Milli beýannamasy hem-de milli geňeşmeler baradaky hasabaty sammitiň Sekretariatyna berildi.
Sportuň ösdürilmegine we türgenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Halkara sport ýaryşlarynda 341 medal gazanyldy, olarda üstünlikli çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň raýatlaryny öndürijilikli, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Goý, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Orazniýaz Kerimow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
