Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli babatda gülläp ösýär, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhraty arşa göterilýär, halkara başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine işjeň goşulyşyp, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüş üpjün edilýär.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi hem tassyklaýar. Ähli ulgamlaryň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwlet dolandyryşynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna, ykdysady we önümçilik işiniň esasy görnüşlerini dolandyrmakda awtomatlaşdyrmak we merkezleşdirilen dolandyryş işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna giň şertleri döredýär.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi ulag we aragatnaşyk, nebitgaz, ýangyç-energetika, senagat, söwda, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda, hyzmatlar ulgamynda öndürijilikli netijeleriň ýokarlanmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň barha ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ähli pudaklaryň işiniň ilerlemeginde daşary ýurtly maýa goýujylaryň hyzmaty uly bolup, olar köp sanly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda möhüm wezipeleriň biri bolan bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyklaryň, «Fitch Ratings» halkara baha beriş agentligi tarapyndan Türkmenistan döwletimize berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtaýar. 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda hem-de 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ikinji gezek «Fitch Ratings» halkara baha beriş agentliginiň geçiren seljermeleri netijesinde, halkara reýting agentligi Türkmenistanyň reýtingini «B+ oňyn» derejesinde çaklama bilen tassyklady. 2024-nji ýylyň awgust aýynda bolsa agentlik tarapyndan Türkmenistanyň reýtingi «B+ oňyn» derejesinden «BB- durnukly» çaklama bahasyna çenli ýokarlandyryldy. Munuň özi bankyň köpugurly işiniň ygtybarlylygyny, hyzmatlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, şeýle-de halkara daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlyk ugurlaryny giňeldýändigini görkezýär.
Halk bähbitli çözgütleri, oňyn özgertmeleri özünde jemlän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Permanlara gol çekmegi watandaşlarymyzyň ählisiniň göwünlerini galkyndyrdy. Çünki bu döwletli çözgütler Garaşsyz döwletimiziň, agzybir halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna amal edilýän beýik işleriň üstüni ýetirdi.
Maksatmyrat Hydyrow.