SIZDEN GELENLER

Ykdysady ösüşler – beýik başlangyçlaryň şuglasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz buýsandyryjy pursatlara baý bolýar, özi hem altyn harplar bilen ýazylýan taryhy wakalara beslenýär. Taryhy wakalar berkarar döwletimiziň beýik geljegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny aýdyň beýan edýär.

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün eder, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterer. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitlendi. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň sanly ulgama geçmegi, döwrebap ösüşleri gazanmagy esasy wezipe bolup durýar.

Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen döwrebap ösüşleri we üstünlikleri gazanmak bolýar. Ýurdumyzda öndürijilikli işler alnyp barlyp, täze maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa öňde durýan wezipeleriň neneňsi ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik ösüşler amal edilýär. Eziz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, eşretli durmuşda ýaşamagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri guwandyryjy hakykatdyr. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistan durnukly ösüş maksatlaryny işjeň amala aşyrýan döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Şunda raýatlarymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenilen möhüm wezipeler gyşarnyksyz berjaý edilýär.

Häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýalaryň örän çalt depginler bilen ösýän döwründe ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge niýetlenilen özgertmeler dowam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ykdysady strategiýany durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak ýoly bilen möhüm ädimler ädilýär. Türkmenistany dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek üçin netijeli işler amal edilýär. Ýurdumyzda iri senagat düzümli kärhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegine, gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegine, sanly tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmäge, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam berilýär. Bu ugurdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa sanly ykdysadyýeti emele getirmegiň barşynda senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de netijeli eksport mümkinçiligini artdyrmaga, girdejileriň artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Bu günki günde asudalygyň, parahatçylygyň mekany bolan ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlar rowaç tapýar. Bagtyýarlygyň gujagynda erkin zähmet çekýän halkymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen geljegini gurýar we döredýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri döwletiň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Arçman Serdarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Tükmen oba hojalyk uniwersitetiniñ Oba hojalygynyñ ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniñ dekany.

 

ÝaÅŸlar – ýurduň geljegi

 

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri