DÜNÝÄ

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeltiň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeltiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy ulgamy, parlament diplomatiýasyny we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, energetika we ekologiýa howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ynsanperwer meseleleri boýunça hem geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

W.Hajiýew Türkmenistanyň ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy babatynda belläp, Türkmenistan Mejlisiniň 2014-nji ýylda PA-nyň doly hukukly agzasy bolandygyny we bu döwürde taraplaryň birnäçe ugurlar boýunça netijeli özara hereket edýändigini nygtady.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Taraplar parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň netijeli garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda, bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek, şol sanda parlamentara gepleşikleri ösdürmek we halkara bilermenler bilen pikir alyşmak üçin tematiki seminarlary we maslahatlary bilelikde geçirmegiň oňyn tejribesini dowam etdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi.

ÝHHG-nyň PA-nyň prezidenti parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde parlamentara gepleşikleriň möhümdigini belledi we bu meselede Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “ÝHHG çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly mowzuk bilen geçiriljek maslahatyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy