DÜNÝÄ

YHG-niň 14-nji sammiti onlaýn geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň gurnamagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji ýokary derejedäki sammiti geçirildi. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

“COVID-19-dan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly sammit sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen sammite hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy. Şeýle hem bu sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Owganystanyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýew, Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han we beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Şeýle hem bu sammite Energetika Hartiýasynyň hem-de Türk Geňeşiniň baş sekretarlary hem synçy hökmünde gatnaşdy.

Mejlisde çykyş eden Türkiýäniň Prezidenti YHG-ä başlyklyk etmegi Pakistandan kabul edip alandyklaryny we 1,5 ýyldan soňra bu başlyklygy Türkmenistana geçirýändiklerini we şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine uly üstünlikleri arzuw edýändigini belledi.

Prezident Ärdogan, agza ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Gurama agza döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla etmegiň möhümdigine ünsi çeken Prezident Ärdogan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň söwda şertnamasyny durmuşa ornaşdyrmagyň wagtynyň gelendigini we onuň has peýdaly boljakdygyny belledi.

YKDYSADY HYZMATDA,LYK GURAMASY BARADA

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 460 milliondan gowrak ilaty bolan we köp sanly sebiti öz içine alýan sebit guramasydyr. Guramanyň umumy maksady, agza döwletleriň we umuman sebitiň durnukly ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr. 1964-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk hökmünde döredilen bu gurama 1985-nji ýylda “YHG” hökmünde gaýtadan hasaba alyndy. 1992-nji ýylda bu gurama Owganystan Yslam Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy goşuldy.

 

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk eder

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy