BIZNES

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 22 taslamany durmuşa geçirýär

Häzirki wagtda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda umumy bahasy 24 million ýewro möçberinde 22 işjeň taslamany durmuşa geçirýär. Senagat, obasenagat we söwda ulgamlary amala aşyrylýan taslamalaryň 100 göterimini düzýär.

2023-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 87 taslama maýa goýdy. Bankyň ýurduň ykdysadyýetine goýýan umumy maýa goýumlary 324 million ýewro diýlip çaklanylýar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistana gönükdirjek serişdeleri 311 million ýewro bolup, maliýeleşdirmegiň 100 göterimi hususy sektora gönükdirilýär.

Related posts

Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim

“Amazon” 100 müň işgär alýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynda işleriň barşy

Ata Watan Eserleri