TEHNOLOGIÝA

Ýewropada 6G ulgamy üçin binýat döredilýär

Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy, hyzmatdaşlary bilen Ýewropa Bileleşigi üçin 6G aragatnaşyk tor ulgamyny döretmek üçin işleşer diýip, “Bloomberg” kompaniýasy habar berýär. Kompaniýa täze ykjam aragatnaşyk torlaryny ösdürmek we işe girizmek üçin “Hexa-X” atly taslama ýolbaşçylyk eder.

Bu taslama Finlýandiýanyň kompaniýasyndan başga-da, Şwesiýanyň “Ericsson AB” telekommunikasiýa korporasiýasy, “Orange SA we Telefonica SA” ykjam aragatnaşyk operatorlary, “Intel we Siemens” tehnologiýa kompaniýalary, şeýle hem Oulu we Pisa atly iki sany uniwersitet gatnaşarlar.

“Hexa-X” atly taslama 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda başlar. Onuň maksady 6G ulgamynyň ulanylyş ýagdaýlaryny döretmek we geljek aragatnaşyk torlary üçin esasy tehnologiýalary ösdürmek bolup durar. Taslamanyň maliýe kömegini Ýewropa Bileleşigi berer.

Häzirki wagtda bütin dünýäde 5G aragatnaşyk ulgamy ýerleşdirilýär. Şu wagta çenli 100-e golaý ykjam operator käbir sebitlerdäki ulanyjylara 5G hyzmatlaryny hödürlediler. Emma käbir ýurtlar bolsa täze 6G ulgamyny döretmek ugrunda iş alyp barýarlar.

“Nokia” kompaniýasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän taslamadan başga-da ABŞ-da bu aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek barada “O-RAN Alliance” we“Next G Alliance” gaznasy meşgullanýarlar. Umuman aýdanymyzda 6G ösen aragatnaşyk ulgamyny üpjün eder.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Dünýäde iň köp girdeji gazanan 10 futbolçy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Dünýäniň iň “akylly” emeli intellekt modeli “Grok 3”