SPORT

Ýewropa ligasy: “Barselonanyň” garaşylmadyk ýeňlişi

UEFA Ýewropa ligasynda 1/4 final tapgyrynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Çempionlar ligasyndan soňra Ýewropa ligasynda hem garaşylmadyk netije alyndy. Ispaniýanyň “Barselona” topary Germaniýanyň “Aýntraht” toparyna ýeňlip, ýaryşdan çykdy.

“Barselona” toparynyň ýanwar aýyndan bäri ilkinji ýeňlen duşuşygy boldy. Onda-da bu duşuşyk toparyň öz meýdançasynda, meşhur “Kamp Nou” stadionynda bolup geçdi. Nemes topary güýçli garşydaşyny 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy.

Nemes toparyndan 4-nji minutda Kostiç, 36-njy minutda Borre we 67-nji minutda ýene-de Kostiç tapawutlandy. “Barselona” toparyndan bolsa, 90+1-nji minutda Buskets, 90+11+nji minutda Depaý gol geçirdi.

Ýewropa ligasynyň beýleki duşuşyklarynda Italiýanyň “Atalanta” topary Germaniýanyň “Leipsig” toparyndan 2:0 hasabynda ýeňildi. “Reýnjers” bolsa, “Bragany” 3:1 utdy. “West Hem” topary “Lion” toparyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde, ýarym finalda “Leipsig” – “Reýnjers”, “Aýntraht” – “West Hem” bilen duşuşar.

 

 

Awazada dynç alyş möwsümine taýýarlyk görler

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler