SPORT

Ýewropa çempionatyna syn…

Futbol äleminde geçen hepde gyzykly oýunlar juda köp boldy. Şeýle hem geçen hepdäniň başynda hem Çempionlar ligasy hem nobatdaky gezek başlady. Oýunlar biri-birinden tapawutly, ýiti howply pursatlara we owadan gollara baý boldy. Biz bolsa geçen hepdäniň öňdebaryjy futbol çempionlarynyň we Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň geçen duşuşyklary barada syn bermegimizi makul bildik.

Çempionlar ligasy barada

Geçen hepde Çempionlar ligasynda Russiýanyň “Zenit” futbol topary öz meýdançasynda “Brýugge” topary kabul etdi. Öz meýdançasynda gowy oýun görkezse-de, oýunyň ahyrnda “Zenit” garşydaş topardan gol geçirtdi, şeýlelikde hasap 1:2 hasaby bilen “Zenit” topary utuldy. Merkezi duşuşygy bolan “Çelsi-Sewilýa” öz aralarynda 0-0 deňme deň oýnadylar. “Barselona-Ferenswaroş” duşuşykda 5:0 hasaby bilen “Barselona” topary ýeňiş gazandy. Garaşylmadyk ýagdaý Fransiýada bolup geçdi. Ýerli “PSŽ” futbol topary “Mançester Ýunaýted” toparyndan, ýagny hüjümçi Reşfordyň oýunyň ykbal çözüji geçiren goly 1:2 hasaby bilen astyn geldiler. Bu ýaryşy üç gezek yzly-yzlyna gazanan, dünýäde Şa topary diýlip ykrar edilen “Real Madrid” futbol topary öz meýdançasynda Ukrainanyň “Şahtýor” toparyndan 2:3 hasaby bilen utuldy, hat-da “Şahtýor” oýunyň birinji ýarymynda 0:3 hasaby bilen öňe saýlanmagy hem başarypdylar. “Real Madrid” futbol toparyň 2-nji jogap goluny geçiren Luka Modriçiň goly hepdäniň iň owadan goly diýip hasap edildi. Soňky çempion “Bawariýa” öz meýdançasynda geçen ýyl “Liwerpul” toparyny bu ýaryşdan çetleşdiren “Atletiko Madrid” toparyny kabul etdi. Bu oýunda topara täze transfer edilen Luis Suarez hem kömek edip bilmedi. Duşuşyk 4:0 hasaby bilen “Bawariýa” ýeňiş gazandy. Ýaş futbolçylary ussat edip ýetişdirmekde tanalýan Niderlandiýanyň “Aýaks” futbol topary, Angliýada 30 ýyldan soňra çempion bolan “Liwerpul” toparyny kabul etdi. Duşuşykda “Aýaks” futbol toparynyň oýunçysy Tagliafiko, öz derwezesine gol geçirip, bu oýunda “Liwerpul” toparynyň ýeňiş gazanmagyna sebäp boldy.

Ýewropa ligasy barada

Ispaniýanyň “Willereal” topary öz meýdançasynda Türkiýäniň “Siwasspor” futbol toparyny kabul etdi we duşuşyk örän çekeleşikli boldy. Pako Alkaseriň 74-78-nji minutlarda geçiren gollary, toparyna ýeňiş gazandyrdy. Angliýanyň “Tottenhem” futbol topary Tottenhem Hotspur stadionynda “LASK” toparyny kabul etdi we duşuşyk 3:0 hsaby bilen ýer eýeleriň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdan soň geçirilen tälimçileriň press-konferensiýasynda Mourinýo, bu duşuşykda ýeňiş gazanmak ýeňil bolmady diýip, belläp geçdi. “PSV-Granada” (1-2), “Napoli-AZ” (0-1), “Rapid Wien- Arsenal” (1-2), “Seltik-Milan”(1-3). Seltik topary hemişe  öz meýdançasynda örän güýçli oýun görkezýän topar hasaplanylýardy. Emma “Milan” toparyna hüjümçi Ibragimowiç gaýdyp gelenden soňra, topar öňki Milan toparyna meňzäp başlady diýip, hünärmenler belleýär.

Angliýanyň “Premýerliga” çempionaty

Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda merkez duşuşyklar geçirildi. “West Hem-Mançester Siti” (1-1). “Mançester Ýunaýted-Çelsi” (0-0). Toparyň täze transferi edilen oýunsysy Edinson Kawani topara hem kömek edip bilmedi. “Arsenal” futbol topary öz meýdançasynda “Lester Siti” futbol toparyny kabul etdi we duşuşyk garaşylmadyk ýagdaýda 0:1 hasaby “Lester” toparynyň haýryna tamamlandy. “Liwerpul-Şeffild Ýunaýted” (2:1), “Wulwerhempton-Nýukasl” (1-1). Ançellotiniň tälim berýän “Ewerton” futbol topary myhmançylykda “Southempton” toparyna 0:2 hasaby ýilen ýeňildiler. Duşuşygyň 72-nji minutynda “Ewerton” toparynyň oýunçy Luka Din gyzyl petek alyp meýdançany terk etdi.

Ispaniýanyň “La Liga” çempionaty

“Walensiýa” futbol topary myhmançylykda “Elçe” futbol topary bilen duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasaby bilen “Elçe” futbol topary ýeňiş gazandy. “Sewilýa” futbol topary öz meýdançasynda “Eýbar” futbol toparyndan ýeňildi. “Atletiko Madrid-Real Betis” (2:0), “Getafe-Granada” (0:1). Çempionatyň merkezi duşuşygy futbol janköýerleriň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan, “Barselona” futbol topary öz meýdançasynda şa topar hasaplanylýan “Real Madrid” toparyny kabul etdi, ýagny başga-ça aýdanymyzda 245-nji “El-Klassiko” duşuşygy geçirildi. Eýýäm oýunuň 9-njy minutyna çenli toparlar birek-birege jogap gollar geçirdiler. Soňra 63-nji minutda goragçylaryň şasy hasaplanylýan Serhiýo Ramos 11 metrlik jerime urgudan dürs peýdalanmagy başaryp hasaby 1:2 çykardy. Oýunda iň soňky sözi Luka Modriçden geldi. 90-njy minutda horwatiýaly ýarymgoragçy owadan goly bilen hasaby 1:3 çykaryp, Şa topara ýeňiş gazandyrdy.

Italiýanyň “Seriýa A” çempionaty

“Inter” futbol topary myhmançylykda “Jenoa” futbol toparyndan 0:2 hasaby bilen üstün çykdy. “Lasio-Bolonýa” (2:1), “Benewento-Napoli” (1:2), “Fiorentina-Udineze” (3:2). “Ýuwentus” futbol topary öz meýdançasynda “Werona” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy, oýunda bolsa howply pursatlar köp boldy, hat-da jerime meýdançanyň içinde Huan Kuadraonyň gönükdiren urgusy derwezäniň ýokarky sütünne degip gaýtdy. Şu gün bolsa çempionatyň merkezi duşuşygy geçiriler, ýagny “Milan” futbol topary öz meýdançasynda paýtagtyň “Roma” toparyny kabul eder.

Fransiýanyň “Liga 1” çempionaty

Çempionatyň soňky çempiony “PSŽ” topary öz meýdançasynda “Dijon” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşyk 4:0 hasaby bilen ýer eýeleri ýeňiş gazandy. “Lorient-Marsel” (0:1), “Nissa-Lil” (1:1). Çempionatyň merkezi duşuşygy bolsa Lion şäherde geçdi. Ýerli “Olimpik Lion” futbol topary, “Monako” futbol toparyny kabul etdi. “Lion” futbol topary 4:1 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Oýnuň 89-njy minutynda “Lion” toparynyň oýunçysy Melwin Bard gyzyl petek alyp meýdançany wagtyndan öň terk etmeli boldy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy