SPORT

Ýewro-2024 finaly: Ispaniýa-Angliýa

Germaniýada bir aýdan bäri dowam edip gelýän futbol boýunça Ýewropa çempionaty ahyrlady. Diňe final duşuşygy galdy. Onda Ispaniýa bilen Angliýa duşuşar.

Angliýanyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek Ýewropa çempionatynda finala çykýar. Bu gezek olar ýarym finalda Niderlandlar ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdular.

Niderlandlar 7-nji minutda Hawi Simons bilen öňe saýlandy. Iňlisleriň kapitany Garri Keýn 18-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi. 90+1-nji minutda bolsa, Garri Keýniň ornuna meýdança çykan Olli Uotkins hasaby 2:1 ýetirip, Angliýany finala çykardy.

Garet Sautgeýtiň şägirtleri 3 ýyl mundan ozalky ýaly, bu gezek hem Ýewropa çempionatynyň finalyny çykdy. 3 ýyl mundan ozal, Italiýa ýeňlen Angliýa bu gezek Ispaniýany ýeňmek başardarmyka?

14-nji iýulda gije sagat 00:00-da Angliýa bilen Ispaniýa finalda duşuşar.

Şu wagta çenli Ýewropa çempionatynda çempion bolmak bagty miýesser etmedik Angliýa belki Ýewropa çempionatynyň kubogyny gazanan 11-nji milli ýygyndy bolup biler.

2024-nji ýyla çenli Ýewropa çempionatynda ýeňiji bolan 10 döwlet bar: olar – Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, SSSR, Portugaliýa, Çehislowakiýa, Niderlandlar, Daniýa we Gresiýa.

Germaniýa bilen Ispaniýa bolsa, 3 gezek Ýewropa çempiony bolan ýygyndylardyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady