BIZNES

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik duşuşygy geçirildi.

Işewürlik duşuşygynyň dowamynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N.Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B.Arazow, Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy, Türkmenistanda we Ermenistanda ykdysadyýeti ösdürmek, işewürligi alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döredilýän mümkinçilikler barada habar berdiler.

Soňra işewürlik duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi alyp barmak hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada tanyşdyryş dabaralary görkezildi.

Türkmen-ermeni işewürlik duşuşygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda türkmen we ermeni kompaniýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy