SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýer titrän mahaly näme etmeli?

Ýer titremesi özüniň giň ýaýraýyş gerimi we möçberi bilen gorky döredýän iň «ähtiýalan» hem aýylganç tebigy betbagtçylykdyr. Sunamiler, suw joşmalary, ýer süýşmeleri, taýfunlar belli bir derejede çak edilip bilinýän bolsa, ýer titremeleriniň weýran ediji we ölüm howply netijeleriniň öňüni almak diňe ýer gabynyň duýdansyz sarsgynlary wagtynda özüni alyp barmagyň düzgünlerine eýermeklige bagly bolup durýar.

Ençeme asyrlaryň dowamynda ýer titremesi iň bir çaklanyp bolmaýan hadysa hasaplanýar: bir tarapdan, onuň ýüze çykmagy howa şertleriniň üýtgemegine bagly däl, beýleki tarapdan, hatda seýsmiki taýdan iň howpsuz sebitlerde-de bolup biler. Bu hakykat, ýer titremesinden hiç kimiň goragly däldigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Bilşiňiz ýaly, şu günler Türkiýe Respublikasynda giň möçberli weýrançylyklara sebäp bolan güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi. Ol köp sanly adam pidalayrna getirdi. Tebigy hadysanyň üstünden ençeme sagat geçýändigine garamazdan, halas ediş toparlary jaýlaryň aşagynda galan adamlary halas etmek ugrunda gije-gündiz diýmän tagalla edýär.

Şu ýerde, käbir düzgünleri berjaý edip, şeýle tebigy betbagtçylykda özüni goramagyň käbir usullaryny belläp geçmek bolar.

Bu barada size BMG-niň UNISEF edarasynyň taýýarlan suratly maglumatnamasyny hödürleýäris.

  1. ÝER TITREME WAGTYNDA ÖZ HOWPSUZLYGYŇYZ HAKYNDA ALADA EDIŇ! Stoluň ýa-da krowadyň aşagynda gizleniň, göwräňizi aşak gaçýan zatlardan we binanyň böleklerinden goramak üçin stoluň aýaklaryndan ýapyşyň
  2. HOWSALA DÜŞMÄŇ WE ÖÝDEN ÇYKYP, GAÇJAK BOLMAŇ! Kelläňize dürli zatlaryň gaçyp biljekdigini göz öňünde tutuň. Aýagyňyza aýna döwükleriniň çümmezligi ýa-da kelläňize potologyň bölekleriniň gaçmazlygy üçin seresap boluň. Howsala düşen wagtynda adam köplenç özüni howp astyna salýar.
  3. GOÝ, ÝER TITREMÄNIŇ ALAMATLARYNY DUÝAN HALATYŇYZDA PENJIRELERI WE GAPYLARY AÇMAK SIZIŇ ÜÇIN ENDIK WE KADA BOLSUN! Öýden howpsuz ýagdaýda çykyp bileriňiz ýaly gapylary we penjireleri açyň. Ýer titreme wagtynda gapynyň daşky bölegi deformirlenip biler we şeýle ýagdaýda siz gapyny açyp bilmersiňiz.
  4. ÝER TITREME WAGTYNDA BERK DÄL DIWARYŇ GOLAÝYNDA DURMAŇ! Ýer titreme wagtynda öýüň daşynda galsaňyz, kerpiç diwarlaryň ýanynda durmaň. Ýer titreme wagtynda berk däl diwarlar aňsatlyk bilen ýumrulýar.
  5. ÖZÜŇIZI AÝNA DÖWÜKLERINDEN ÝA-DA BEÝLEKI HOWPLY ZATLARDAN GORAMAK ÜÇIN ÖRÄN SERESAP HEREKET EDIŇ! Adatdan daşary ýagdaýda hemişe aýakgabyňyzy geýiň. Penjirelerden we beýleki zeper çeken zatlardan uzakda duruň. Çyra öçen ýagdaýynda gerek boljak el çyrasyny ýanyňyza alyň.
  6. DERREW ÇYRANY WE GAZ PLITASYNY ÖÇÜRIŇ! Ýer titremesi goýan badyna, ody söndüriň we gaz plitasyny öçüriň. Suwdan doldurylan bedräni taýýar edip goýuň ýa-da ot söndürijini elýeter ýerde saklaň. Zerur bolanda ody söndürmek üçin wannany suwdan doly saklajak boluň.
  7. ÇAGALARYŇ, ÝAŞULY WE MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HOWPSUZLYGYNY ÜNSDEN DÜŞÜRMÄŇ! Çagalary, ýaşuly we maýyplygy bolan adamlary şkaflara ýa-da beýleki berk däl zatlaryň golaýynda ýatyrmaň. Olary has erkin giňiş, bir-biriniň üstünde goýulan zatlardan uzakda ýerleşdirmek zerurdyr. Howpsuzlygyňyz üçin, sarsgynlar ýüze çykanda ýykylmazlygy üçin şkaflary diwarlara çüýläň.
  8. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝ ÜÇIN TORBANY TAÝÝARLAŇ! Adatdan daşary ýagdaýlarda gerek bolan zatlaryňyzy salmak üçin torbany ýa-da gutyny taýýarlaň. Ol torbany (gutuny) elýeter ýerde saklaň.
    Torba (guta) adatdan daşary ýagdaýlarda gerek boljak gündelik ulanylýan zatlary salyň. Mysal üçin, radio, ilkinji lukmançylyk kömegi üçin zerur zatlaryň toplumy, iýmit, suw, suw geçirmeýän mata, jürlewük, düşekçe, zerur telefon belgiler we ş.m.
  9. MAŞGALA GEŇEŞINI ÇAGYRYŇ WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝDA ÖZÜŇIZI NÄHILI ALYP BARJAKDYGYŇYZ HAKYNDA ŞERTLEŞIŇ! Dürli ýagdaýlarda ýer titremeden öň we soň maşgalaňyzyň özüni nähili alyp bajakdygyny kesgitläň. Ýer titreme wagtynda bir-biriňizden aýrylyşmaly bolsaňyz, nähili habarlaşjakdygyňyz hakynda oýlanyň. Adatdan daşary ýagdaýda tutuş maşgalaňyzyň ýygnanyşjak ýeri hakynda şertleşiň.
  10. ÖŇKI TEJRIBELERDEN ÖWRENIŇ! Howsala salýan gybatlara ynanmaň. Radio, telewideniýe ýa-da internet arkaly anyk we täzelenen maglumatlary alyň.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri