DÜNÝÄ

Ýelizaweta II käbir ygtyýarlyklaryny tabşyrýar

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II soňky 10 ýylda ilkinji gezek käbir resmi ygtyýarlyklaryndan boşadylýar.

“The Daily Mail” neşiriniň habaryna görä, döwlet baştutany hökmünde şa zenany Ýelizaweta II parlamenti açmak, premýer-ministri bellemek, döwlet saparlaryny amala aşyrmak we beýleki ýurtlaryň döwlet baştutanlaryny kabul etmek ýaly birnäçe resmi ygtyýarlyklary bar.

Mundan beýläk, şa zenany Ýelizaweta II käbir resmi ygtyýarlyklary ogly Uels mirasdüşer şazadasy Çarlzyň üstüne ýüklenýär. Şeýle hem parlamenti açmak ýaly käbir ygtyýarlyklar bolsa doly ýatyryldy.

Mälim bolşy ýaly, şa zenany Ýelizaweta II tagta çykmagynyň 70 ýyllygyny, ýagny platin ýubileýini belläp geçdi. Ol platin ýubileýini bellän ilkinji britan monarhydyr.

Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe Beýik Britaniýada 14 premýer-ministr çalşyldy. Şol döwürde Uinston Çerçillden Boris Jonsona çenli 14 hökümet baştutany wezipesini amala aşyrdy.

 

Ronaldo toparyndan gitmek isleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar