BIZNES

Ýedi aýda Türkmenistanda içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy

Türkmenistanda şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy ― diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 14-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — iýul aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,3 göterim artdy. Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,6 göterim, çykdajy bölegi 94,2 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder