DÜNÝÄ

ÝB-niň ykdysadyýetini halas ediş meýilnamasy tassyklandy

Ýewropa Bileleşigi 672,5 milliard ýewro karz serişdeleri bilen Dikeldiş we durnuklylyk gaznasyny tassyklamak işini tamamlady.

Pandemiýadan soňra Ýewropanyň ykdysadyýetini gaýtadan dikeltmek üçin gaznanyň parametrleri geçen ýylyň iýun aýyndaky sammitde ylalaşylypdy.

Bu resminama, Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Deýwid Sassoli we Geňeşiň iýun aýynyň ahyryna çenli ýolbaşçylyk edýän Portugaliýanyň premýer-ministri Antonio Koşta gol çekdi.

19 ýurt eýýäm Ýewropa Komissiýasyna pullary nädip sarp etjekdigi barada teklipler iberdi.

ÝB-niň hökümeti 30-njy aprele çenli öz taslamalaryny hödürlemeli. Maliýe serişdelerini sarp etmegiň esasy talaplarynyň hatarynda bu gaznadan gönükdirilýän ähli maýa goýumlarynyň azyndan üçden bir bölegini “ýaşyl ykdysadyýeti” we 20 göterimini sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi