IŞ ORUNLARY & TENDERLER

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!

2024-nji ýylyň oktýabr ýa-da noýabr aýyndan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Wekilhananyň Ýolbaşçysy bölüminde tölegli görnüşinde 2 ýarym aýlyk iş tejribeligi başlanýar.

BiIdirilýän talaplar:

– aragatnaşyk, halkara gatnaşyklary, jemgyýetçilikgatnaşyklary, biznes dolandyryş, Ýewropa bilimleri ýa-da şuňa meňzeş ugurlarda iň bolmanda Bakalawr Diplomy ýa-da şonuň ekwiwalenti bar bolan ýaş uçurymlar.

– iň ýokary bir ýyl hünär tejribesi bolan.

Dalaşgärler DELEGATION-TURKMENISTAN-HOA@eeas.europe. eu e-poçta salgysyna ýüz tutmaly we aşakdaky resminamalary ibermeli:

– Europass ülňülerine laýyk gelýän rezýume tabşyrmaly (CV) https://europass.cedefop.europe.eu/ (beýleki formatlardaky rezýumeler kabul edilmeýär)

-Näme üçin Ýewropa Bileleşiginde iş tejribeligini geçmek isleýändigiňizi barada beýan hatyny,

-we anketany tabşyrmaly

Has giňişleýin maglumatlary we anketany şu salgy boýunça tapyp bilersiňiz: https://www.eeas.europe.eu/eeas/ funded-traineeship-young-graduates-eu-delegation-turkmenist an-Oen (ssylkasy bio-da ýerleşdirilen)

Arzalary tabşyrmagyň ahyrky möhleti: 15/09/2024.

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär