MEDENIÝET

Ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy

Ýurdumyzda giňden tanalýan belli ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew 68 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan ýazyjynyň  aradan çykandygy habar berildi.

Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda dogulýar. Ýazyjy 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Halypa ýazyjy Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp-gutarmanka, “Edebiýat we sungat” gazetine işe çagyrylýar. Şeýle hem ýazyjy şol döwürde gazetleriň hem-de žurnallaryň redaksiýalarynda şeýle-de Türkmen telewideniýesinde işleýär.

Kömek Kulyýew ilki “Dost gözleginde” atly hekaýasy bilen edebiýata girýär. Ýazyjy, dramaturg “Göroglynyň sawçylary”, “Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler”, “Janly gurjaklar” atly sahna eserlerini ýazýar. Şeýle hem Kömek Kulyýewiň şol döwürlerde “Sen ýadyma düşseň…”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” ýaly ssenerileri esasynda döredilen gysga göwrümli filmler teleýaýlymlarda görkezilýär.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy