SPORT

Ýazky at çapyşyklaryna badalga berildi

Paýtagtymyzyň Aşgabat atçylyk sport toplumynda ezber çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýazky at çapyşyklary gyzykly boldy.

Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan “Genjaý” atly aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi.

Ikinji çapyşykda 1600 metr aralygy Aşyralyýewiň hojalygyna degişli bolan “Maksatly” atly at geçip, ýeňiş gazandy.

Üçünji çapyşykda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli bolan “Ýazsona” atly bedew pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy.

1800 metr aralyga guralan 4-nji çapyşykda özüniň ýyndamlygy bilen pellehanadan birinji geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Goňurbaş” diýen aty baýrakly orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Şägirt-2” diýen aty 1800 metr aralyga guralan nobatdaky tapgyryň 5-nji çapyşygynda öňdeligi eýeledi.

Dynç gününde geçirilen at çapyşyklaryň 6-njy çapyşygynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň “Abraýly” atly aty ýeňiş gazandy.

Nobatdaky tapgyryň jemleýji 7-nji çapyşygynda 1800 metr atalygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan “Begzada” atly aty ilkinji bolup geçip, baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy