SIZDEN GELENLER

Ýaşlara ynam-geljege umyt

«Biziň geljegimiz hem ýaşlar bilendir» bu sözleri 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda eziz Arkadagymyz dile getirdi. Milli Liderimiziň bu sözleri biz ýaşlaryň başyny göge ýetirdi.

Atalyk wesiýetlerine, ajaýyp aladalara we beýik taglymata ýugrulan parasaty bilen nesilleriň röwşen geljegini binýat eden Arkadag Prezidentimiziň çuňňur mazmunly taryhy çykyşy biziň üçin uly mekdebe öwrülip, hakyda sapagymyza dür deý düzüldi. Ýurdumyzyň geçen taryhy döwründe gazananlaryna mynasyp baha berip, geljek on ýyllyklaryň binýadyny berkden guran Arkadagymyzyň mekdep bolan, wesiýet bolan çykyşynda ýaşara bildiren belent ynamy göwünlerimize ganat, ömürlerimize many bagyşlady. Türkmen ýaşlarynyň ähli babatdaky kämilligini gazanmaga gönükdirilen beýik işleri ykballarymyzy gülleden Arkadag Liderimiziň ýaşlyk ýyllarymyza ýapan serpaýy, gojalyk günlerimize çenli öz saýasyny salar, ol biziň nesillerimiz üçin paýhas maýasy bolar.Bu hakykat diňe bir şu pursatyň ýa düýniň gürrüňi däl. Hormatly Prezidentimiziň merdana milletimiziň mukaddes ynamy bilen ýurt ýolbaçylygyna geçen günlerinden bäri dowam edip gelýän soňsuz akaba. Hakykatdan hem ýaşlar hakyndaky alada turuwbaşdan döwlet syýasatynyň özeni hökmünde dabaralnyp gelýär. Özem bu syýasat türkmençilik ýörelgesine, milli mertebesine, uzak asyrlaryň kämil tejribesine daýanyp barha kuwwatlanýar. Bu Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ulus-iliň Arkadagy, ýaşlyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmunly çykyşyndaky şu sözlerinde hem aýdyň tekrarlanýar: Biziň şöhratly ata-babalarymyzyň ýaş nesilleri terbiýelemäge uly üns berendigini aýratyn bellemek isleýärin. Olaryň köp asyrlary geçip, biziň günlerimize gelip ýeten parasatly sözleriniň örän çuňmanysy bar. Ýaş nesilleri terbiýelemekde «Ulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi», «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «Atalaryň ýoly — altyn ýol, ony söýen Watany söýer», «Nesilleriň gaýraty — iliň-günüň myrady» ýaly nakyllaryň ähmiýeti örän uludyr.

Ine, şu sözlerde hem gaýratly türkmeniň nesline berýän belent bahasy, geljegiň altyn sakasy görünýär. Ata arzuwyny amala aşyran Agtyk hökmünde Arkadag Prezidentimiziň bize bildirýän ynamy biziň ata Watanymyza bolan ygrarlylygymyzy, ýurt goragyndaky ygtybarlygymyzy, oňa bolan ybadatlarymyzy ebedileşdirýär.

Gulaga guýlan dek aňyňda ýaplanyp duran sesi, gursaga guýlan dek ýürekde ýer eden sözi türkmen biparha hasaplaýan däldir. Bu häsiýet bize gan bilen geçendir, jan bilenem girendir. Hormatly Prezidentimiziň jöwher jähtli sözleri hem edil şonuň ýaly ýüreklere ýol salyp, gözlerde hem göwünlerde eglendi.

«Meniň häzirki agzan nakyllarymyň manysy geljek nesiller üçin durmuş ýörelgesine öwrülmelidir. Bu nesiller biziň gazanan üstünliklerimizi we ýeten sepgitlerimizi has-da artdyrmalydyr. Olar has ähmiýetli belentliklere ýetmelidir, Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de has hem belende götermelidir».  Eziz Arkadagymyzyň bu sözlerini biz uly jogapkärçilik hem mukaddes borç diýip kabul etdik. Biz özümizi bilenimiziň soňky onbäş ýylynda göz ýetirenlerimizi geljek üçin gönezlik saýyp, hut ýokary setirlerde nygtalşy ýaly ýerine ýetirmäge çalyşarys. Çünki biziň aramyzda henize çenli, ata pendini alyp agsaklan ogul, peder ýoluny dowam edip nogsan nesil ýokdur. Eziz Arkadagymyzyň atalardan alan asyllylygy, Arşdan alan ahwaly bolsa biziň şamçyragymyzdyr.Ynamyň nä derejede gudratdygyny, güýçdigini, ganatdygyny öňem Gahryman Arkadagymyzyň özünden eşidipdik. Bu sözler bolsa onuň üstüni täzeden ýetirdi:

«Döwrüň geljekde dünýä ýaşlarynyň öňünde goýjak wezipeleri, gürrüňsiz, türkmen ýaşlarynyňkydan hem aýry bolmaz. Bu bolsa sanly ulgamy ornaşdyrmak we onuň mümkinçilikleri, tehnologiýalary ele almagyň endikleridir başarnyklary ýaly soraglara degişlidir. Men türkmen ýaşlarynyň bu wezipeleri çözmekde uly işleri bitirjekdigine ynanýaryn». Mähriban Arkadagymyzyň bu sözleriniň biz üçin nähili güýç berendigini söz bilen beýan etmägede ejiz gelýäris. Biz bu ynamyň täsirini diňe ödemek arkaly görkezip bileris. Biz bu ynamy diňe Watanyň wepaly ogul-gyzlary bolup bilimiz, ylymymyz, zähmetimiz, halalygymyz, ynsanperwerligimiz we çäkiz zähmetsöýerligimiz bilen haklap bileris. Munuň üçin bolsa bizde uly mümkinçilikler açylýar. Hawa biziň sil deý joşgunymyz, ot deý hyrujymyz, tükeniksiz hyjuwymyz bardyr hemem bize şeýle uly ynam bildirlýär-kä birje pursaty hem bihuda geçirmäge hakymyz ýokdur.Heý-de bir ömürlerimize ömür goşan, ykbalarymyzy ýagtyldan, göwünlerimizi gülledip, heňňamlara haýyr eden Arkadagymyzyň bu sözlerini ýerde goýup bolarmy?!

«Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar. Biziň ýaşlarymyz öz ata-babalarynyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysady şertlerinde işlemäge taýýar bolarlar. Bütin dünýäde uly abraýy bolan parahat we gülläp ösýän ýurdunyň hakyky watançylaryna öwrülerler».

Her sözüňiz giň Jahanyň manysy,

Aýdanlarňyz aýdymlaryň ýaýlasy,

Sizden hyruç aldy türkmen balasy,

Hikmetiňiz kär edendir, Arkadag!

 

Keramat, kuýaşdyr dürler diwanyň,

Watana ybadat, dindir, imanym,

Kalplaň töründer mähriň, didaryň,

Bereniňiz güýç, höwesdir, Arkadag!

 

Unutmaklyk ýokdur ömrüň berenin,

Ýörelgämiz saýdyk her bir edeniň,

Halka gulluk saýyp Hakyň keremin,

Edeniňiz kän edepdir, Arkadag!

 

Ykballar nur tapdy yhlasyňyzdan,

Razydyrys Sizli ykbalymyzdan,

Ýaşlar döwlet tapýar ykraryňyzdan,

Ynamyňyz mukaddesdir, Arkadag!

Ysmaýyl Muhammetdurdyýew,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»

bäsleşiginiň ýeňijisi.

22-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk