Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sport abraýy barha belende galýan ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek boýunça asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ähli ýerlerinde halkara hil ülňülerine doly laýyk gelýän köpugurly sport desgalary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ulanmaga berilýär. Olar raýatlarymyzyň, esasanam, ýaşlaryň gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. Bu sport maksatly desgalarda her ýyl geçirilýän bäsleşikler türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryna uly ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň iň abraýly sport çäreleriniň biri bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagy hem sport ulgamynda uly ösüşlere ýetilýändiginiň subutnamasydyr.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyzda sportuň ähli görnüşleri giň gerimde ösdürilýär, halkymyzy köpçülikleýin sporta çekmäge, sagdyn we berk bedenli ýaşlary, ussat türgenleri kemala getirmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda welosiped we awtoulag sporty hem uly meşhurlyga eýe bolýar, sportuň suwda ýüzmek ýaly görnüşleri bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň sany gün-günden artýar.
Berkarar döwletimiziň täze döwründe türgenlerimiziň halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sport ýaryşlarynda Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýan türkmen türgenlerimiz hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli sylaglanýar.
Ine, şu gün Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty binasynda ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilen karate-do boýunça halkara ýaryşda, şeýle-de Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde guralan dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Türkmenistan döwletimiz, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Munuň özi türkmen sportunyň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi.
Döwletmiz milli sport hereketini ösdürmegi höweslendirmek we goldamak bilen halklaryň arasynda dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýar. Dürli derejelerde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýan türgenlerimiz hem bu gatnaşyklaryň berkemegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Guwanç Garajaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
