Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyna seredildi.
2013-nji ýylyň awgustynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy.
Ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelerine hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek işlenip taýýarlanylan Maksatnamanyň esasy maksatlary bolup durýar.
Maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek çäreler öz halkynyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdiriler.
Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde döwletimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretjekdigi, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak hem-de hukuk we durmuş goraglylygy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Iri jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy nygtaldy. Bu resminama geçirilýän işlerde ugur görkeziji bolup hyzmat eder.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar.
Resminamalaryň taslamalarynda ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, ýaşlar babatyndaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipeler möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!