SIZDEN GELENLER

Ýaş bolaýyn diýseňiz…

Hünärmenleriň pikiriçe, deriniň ýaşlygyny saklamak we bedeniň garramagyny haýallatmak üçin dogry saýlanan berhiziň kömegi bilen mümkin bolar.”Medikforum” peýdaly mikroelementleri öz içine alýan ýaşartmagy öňe sürýän sekiz önümiň adyny tanatdy. Sanawda şu aşakdakylar bar: deriniň ýagdaýyna gowy täsir edýän flawonoidlere we antioksidantlara baý gara şokolad, deriniň esasy gurluşyk materialy bolan polifenollary we kollagenleri öz içine alýan gök çaý. Kofe bedeniň ýagdaýyna hem oňyn täsir edip biler. Soňky gözleglere görä, “Kofedäki bioaktiw birleşmeler deriňizi melanomadan goramaga kömek edip biler”.Şeýle hem eredilen däl-de, gaýnadylan içginiň hili uly ähmiýete eýe. Ýaşlygyny gorap saklamak isleýänler awokado, pomidor, gök gül we garpyzlara üns bermelidirler. Olar kaliý we ýag kislotalaryna baýdyr. Pomidorda prostat keseli, ýürek keseli üçin peýdaly we insult howpuny azaldyp biljek köp mukdarda likopen bar. Gök güldäki witaminleriň mukdary deriňizi has ýumşak we has ýagtylandyryp biler. Hünärmenler iýmitleriňize balyk we omega-3-e baý bolan lososy goşmagyňyzy maslahat berýärler. 5-nji oktýabrdan öň, ýokary gan basyşyna derman ulanmazdan garşy çykmagyň  täsirli usullary atlandyryldy.

 Hanymjan Kurambaýewa

TOHI-niň talyby

 

15-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Nowruz şowhunly we ählihalk baýramydyr

Türkmen  prozasynda parahatçylygyň  waspy

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak – ykdysadyýetiň möhüm ugry

Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy