DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Merkezi Aziýada saparda bolar

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagasima hökümet başlygynyň ýörite wekili hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolar. 11 günlük bu sapar Merkezi Aziýanyň 5 döwletini öz içine alyp, Ýaponiýanyň sebit hyzmatdaşlygyna berýän ähmiýetini görkezýär.

Ýapon myhmanynyň sapary 29-njy ýanwar-8-nji fewral aralygynda bolup, ol Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda saparda bolar. Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, Akihisa Nagasima saparynyň çäklerinde ýokary derejede gepleşikler geçirer.

Gün tertibiniň esasy wakalaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de öňde boljak “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň sammitiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri eýelär. Şeýle hem halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşylar.

Bu diplomatik sapar Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynda möhüm ädim bolup, Günüň dogýan ýurdunyň sebitde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ähmiýetini görkezýär. “Merkezi Aziýa +Ýaponiýa” dialogy Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm platformasy bolup hyzmat edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar