JEMGYÝET

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Ýapon hökümetiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyňyz hem-de wezipä girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýady.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Siziň Alyhezretiňizi Ýaponiýanyň we ýapon halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyňyz hem-de wezipä girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Daşary işler ministri wagtym, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Tokio şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň 12-nji mejlisindäki Siziň bilen duşuşygymyzy mähir bilen ýatlaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Siz öz wagtynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy bolduňyz. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňiziň ýurduň Prezidenti hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigiňize berk ynanýaryn.

Şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa bilen Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçer. Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklary eks-Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde has-da ösdürildi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly kuwwatyň bardygyna ynanýaryn hem-de bu ugurda Siziň Alyhezretiňiz bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we işiňizde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin.

 

 

«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi açyldy

 

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy