JEMGYÝET

Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda däbe öwrülen dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy. Ilçi sözüniň dowamynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny, munuň köp babatda Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurtlaryň ikisi hem soňky ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde birek-birege yzygiderli goldaw berip gelýärler we diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa döwletleri şol sanda Türkmenistan bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Ýaponiýanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygy duşuşygyň barşynda bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi