MEDENIÝET

Ýaponiýada Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi

2024-nji ýylyň 12-14-njy iýuny aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň mediniýet günleri geçirildi.

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasynda çykyş eden ýapon tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinide Magtymguly Pyragy seýilgähinde meşhur ýapon ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Kawabata Ýasunariniň ýadygärlik heýkeliniň dikeldilendigi üçin minnetdarlyklaryny bildirdi. Aýratynam Ýaponiýanyň Hökümeti Türkmenistan Hökümetine 12-14-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Ýaponiýada Medeniýet günlerini geçirmek maksadynyň has hem aýratynlygyny, ýagny 14-nji iýun Kawabata Ýasunariniň doglan gününe gabat gelýändigi belläp geçdi.

Çäraniň dowamynda birnäçe duşuşuklar hem-de Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Medeniýet we ylym-bilim ugurlary boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ýaponiýanyň Tsukuba şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Bu medeni çäre ýapon halky tarapyndan uly şatlyk – şowhun bilen kabul edildi. Geçirilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky medeniýet günleri türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň has-da berkeýänligine şaýatlyk edýänini belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen sazandalary Wenadan “Altyn baýrak” bilen dolandylar

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi