DÜNÝÄ

Ýaponiýa täze Premýer-ministrini saýlar

Ýaponiýanyň Parlamenti 17-nji sentýabrda nobatdan daşary maslahatyny geçirer. Maslahatyň esasy sebäbi ýurduň täze Premýer-ministrini saýlamak bilen bagly bolar.

«Kyodo» agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan resmi maglumat berildi.

Ýakynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe öz wezipesinden meýletin çekildi. Hökümet täze ýolbaşçyny saýlamak işine hem tizden-tiz, hem-de oýlanyşykly girişýär. Ýöne Sindzo Abe täze Premýer-ministr saýlanylýança, öz wezipesini alyp barar.

Ýurduň Liberal-demokratik partiýasy Abeniň Premýer-ministrlik möhleti doly tamamlanýança, hökümeti dolandyrmagy öz elinde saklar. Indiki ýyl geçiriljek saýlawlarda öňe çykan täze ýolbaşçylynyň wekilçilik edýän partiýasy dolandyryşy diňe şondan soňra eline alyp biler. Ýaponiýada Premýer-ministrlik saýlawlary her üç ýyldan bir gezek geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy