JEMGYÝET

Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana uly gyzyklanma

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Ind. Ltd» kompaniýasynyň prezidenti T. Watanabe bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo duşuşyk boýunça gepleşikler geçirildi. Bu barada “Nebit-Gaz” gazetiniň elektron neşirinde bellenilip geçilýär.

«Kawasaki Heavy Ind. Ltd» kompaniýasynyň prezidenti T. Watanabe duşuşygyň başyny başlamak bilen, ikitaraplaýyn alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de has depginli işjeňleşdirmekligi teklip etdi hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji toplumynyň taslamasynyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, öz gezeginde, alnyp barylýan işlere minnetdarlyk bildirmek bilen, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň bilelikde üstünlükli ýerine ýetirilen taslama bolup durýandygy barada belläp, dünýäde ilkinji bu gazhimiýa toplumynyň häzirki döwürde ulanylyşy barada gysgaça durup geçdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň nebitgaz, nebithimiýa senagatynda täze taslamalaryň gurluşygyna we bar bolan önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagy babatdaky mümkinçilikleri uludyr.

Soňky ýyllarda Ýaponiýanyň işewür toparlary täjirçilik taslamalary ilerletmekde oňat şertler döredilen, geljegi uly bolan türkmen bazaryna uly isleg bildirýärler. Dünýä belli ýapon kompaniýalary birnäçe ugurlar boýunça, hususan-da, nebit himiýasy, elektroenergetika, gurluşyk materiallary senagaty, şeýle hem maýa goýum ugurlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

Geçen ýylyň 28-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy türkmen-ýapon işewür hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Gurluşygy “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Kawasaki Heavy Ind. Ltd.» (Ýaponiýa) hem-de «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylan, umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolan bu toplum ýylda 1 milliard 785 million kubmetr gazy gaýtadan işläp, ekologik taýdan arassa ЕСО-93 benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny we arassalanylan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi