Tokioda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň (JBIC) başlygy Nobumitsu Haýaşiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdi. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky işjeň we açyk dialogyň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalanmagyna goşant goşýandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara we ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda ammiak we karbamid zawody, Türkmenabat şäherindäki kükürt kislotasy öndürýän zawod, Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Owadandepedäki tebigy gazdna benzin öndürýän zawod ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän gazhimiýa, ulag we oba hojalygyndaky ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar barada konstruktiw pikir alyşma geçirildi.
