Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dokuz aýyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk we durkuny täzelemek işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Şu ýylyň dokuz aýynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 224-si geçirilip, 22 müň 394 sany şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,2 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri 16 sergi we 55 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,8 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy.
