BIZNES

Ýanwar-oktýabr aýlarynda ykdysady görkezijiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

  • Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy.
  • 2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy.
  • Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdy.
  • Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy.
  • Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny hem-de emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça garaşylýan görkezijileri seljermegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, gysga we orta möhletli döwürlerde dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik berýän ýagdaýlary öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

 

Kubok ýaryşynda çärýek final duşuşyklary geçirildi

Ýene-de okaň

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Türkmenistanda SPECA hepdeligi geçiriler

Ata Watan Eserleri

SOCAR Azerbaýjanyň gazyny Awstriýa we Germaniýa ibermäge başlady