JEMGYÝET

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde däp boýunça ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden ýeňiji bolmaga iň mynasyp iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede bolsa, jemi 14 ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy.

Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi we olara ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri