MEDENIÝET

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemi jemlendi

Ýakynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. «Ýaň­lan, Diýarym!» döredijilik bäsleşigine paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaş zehinli aýdymçylaryň 770-den gowragy, şol sanda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynda olaryň her haýsyndan ýaş aýdymçylaryň 10-sy çykyş etmäge hukuk gazandy. Düzgüne laýyklykda, her welaýatdan we Aşgabatdan zehinlileriň 2-si jemleýji tapgyra çykdy. «Ýaň­lan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaş aýdymçylaryň 12-si — ýigitleriň 8-si we gyzlaryň 4-si duşuşdy. Jemleýji tapgyra çykan zehinlileriň agramly bölegi sungat mekdeplerinde ilkinji aýdymsaz bilimine eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary ösdürmegiň çäklerinde bina edilen oba Medeniýet öýlerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol toparlarda döredijilik bilen meşgullanmak, zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi­ň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaň­lan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp etdiler, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini we nusgawy aýdymlary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

«Ýaň­lan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaň­lan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýe­ňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýe­ňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Medeniýet merkezi» bölüminiň folklor-etnografiýa studiýasynyň 2-nji derejeli artisti Goçguly Aşyrgulyýewiç Saparow;

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Saparmyrat Güýçmyradowiç Ataýew;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güýçberdi Annaberdiýewiç Derwaýysow;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýap ge­ňeşliginiň Uşakýap oba medeniýet öýüniň sazandasy Mekan Jumageldiýewiç Nazarmadow;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçe medeniýet öýüniň akkompaniatory Babajan Hanmuradowiç Hanmuradow;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň tans toparynyň tansçysy Maýsa Myradowa.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» topary Balkan topragynda

Ata Watan Eserleri

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy: Türkmenistanda «Gyz kasamy» çeper filmi surata düşürilýär

Türkmenistanda Milli bahar baýramy giňden belleniler

Dünýäde iň köp kitap okaýan döwletler

Türkmenistan Belarusdaky halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

«Galkynyş» topary Mary welaýatynda