SIZDEN GELENLER

Ýaltalykdan halas bol

Sizem “ Şu gün we ertir “ diýlende edilmeli işe başlap bilmeýänlerdenmi? Şeýle-de, synag gününe çenli depderdir kitap açmaýan we bellenilen möhlete çenli iş bilen gyzyklanmaýanlardan birimisiňiz ? Eger şeýle adamlardan bolsaňyz şu maslahatlardan ugur almak size kömek edip biler.

Her birimiz wagtal-wagtal ýaltalyk bilen ýüzleşýäris. Has takygy, ýaltalyk etmegi halaýan hem bolup bilersiňiz. Hatda ellerimizi gymyldadasymyz gelmeýän ýa-da aýlanyp- aýlanyp boş gözler bilen edilmeli işlere seredenimiz ýaly ýagdaýlar bilen hemmämiz ýüzbe- ýüz bolýan bolsak gerek. Bu adaty bir zat! Netijede, hiç birimiz hem tükeniksiz güýçli gahryman däldiris. Başga bir söz bilen aýdylanda şeýle bir pursat gelýär welin, hiç hili ýoly dowam etmek üçin  güýjümiz galmaýar.  Hut şeýle döwürlerde ýaltalyk bize öňküsinden has özüne çekiji bolup görünýär. “Hiç zat üçin gymyldy hereket etmek islemeýärin ýa-da işlemek islemeýärin”  ýaly sözleri aýtmagyňyz tebigy bir hadysadyr. Mesele,ýerine ýetirilmeli işiň gereginden köpelen pursatynda ýüze çykýar. Şonuň üçin ýaltalyk hemişelik bolup, tanapyň ujuny ýitirmegiňe sebäp bolanda, hökman ýok edilmeli uly bir meselä öwrülýär. Şeýlelik bilen siz aşakdakylary okap, öz baş alyp çykmasy kyn bolan endigiňizden halas bolup bilersiňiz, elbetde okamaga ýaltanmasaňyz !

Ýaltalykdan halas bolmak üçin ilkinji nobatda etmeli zadyňyz,

Özüňizi alyp barşyňyzyň sebäbine düşünmekdir!

Şonuň üçin ilki bilen meseläniň çeşmesini tapmaly. Mysal üçin: Örän ýadawlygyňyz üçinmi ýa-da etmeli işiňiziň kynlygy sebäpli ýaltalyga ýüz urýarsyňyz?

Üstünlikli edip bilmersiňiz öýdüp, hiç eliňiz barmaýarmy ýa-da ünsi jemläp bilmeýänligiňizdenmi? Ýaltalygyň düýp sebäbine düşünýän bolsaňyz, meseläni çözmek has ýeňil bolýar we hereket etmek üçin has höwesli bolup bilersiňiz.

Sizi bagtly etjek işler bilen iş salşyň!

Adamlaryň köpüsi hakykatdan hem halamaýan işlerini etmeli bolýandyklary sebäpli ýaltalyk bilen ýüzleşýärler. Etmeli işiňiz size lezzet berýän bolsa, çyn ýürek bilen ýerine ýetirseňiz, bu meseläni çözmek üçin näçe wagtyň geçendigini hem duýmarsyňyz.

Nireden başlamalydygyny biliň!

Bu barada oýlanyň ! Öňüňizde arassalanmaly uly jaý bar. Şeýle pursatda 3 otagly jaý gözüňize uly bir gala ýaly  görünmegi mümkin. Belki, birnäçe sagadyň içinde edip boljak işiňiz  hiç haçan gutarmajak ýaly görünmegi hem mümkin. Şeýle-de bolsa, tutuş jaýy arassalamak hakda pikir etmeseňiz , işiňiz has aňsat görüner. Mälim ediljek bolýan zat, ýaltalykdan halas bolmak üçin nireden başlamalydygyny bilmeli. Uly jaýy arassalamagyň ýerine, geýim- gejimleriňizi  tertipläp başlaň we bu işi ýerine ýetirip duran pursatyňyzda jaýyň galan bölegi hakda pikir etmäň, ünsüňizi şol pursatda ýerine ýetirýän kiçijik meseläňize gönükdiriň.  Şeýlelik bilen, bularyň hemmesini yzygiderli we kynçylyksyz ýerine ýetirip bilersiňiz.

Özüňize garşy çykmagy öwreniň!

Ýaltalyk şol pursatda size şatlyk bolup biler. Bu adaty bir zat. Ýaltalygy , beýleki görnüşlere garanyňda durmuşa geçirmek has ýeňil. Birnäçe adamlaryň islegleri aňsat bir görnüşde bolýar. Şeýle-de bolsa, üstünlik gazanmak üçin edilmeli zat  kyn zady saýlamakdyr. Şonuň üçin ýaltalykdan saýlanmaga özüňi mejbur etmeli. Özüňizi mejbur etmegi öwreneniňizden soň, ony  endik edip höwes bilen  etmäge başlarsyňyz.

Herekete başlanyňyzda näme gazanjakdygyňyz hakynda pikir ediň!

Ýaltalyga sezewar bolmak öz ýanyňyzdan size gowy bolup biler, ýöne ýaltalygyň size näme peýdasy bar. Edilmeli  işleriň üýşmegine goşant goşýan şowsuzlyk duýgusyndan başga hiç zat gazandyrmaýar. Ýaltalyga ýüz urmasaň näme peýda görüp bilersiň, şu barada pikirlenmeli. Mysal üçin: Iş ýeriňizde ýaltalygyň ýerine özüňizi işlemäge mejbur etseňiz! Depderdir kitaby bir tarapa geçirmegiň ýerine synaglaryňyza taýýarlansaňyz! Ýa-da başga ýerine ýetirilmeli işleriňiz berjaý etseňiz! Şonda ýaltalyk ýerine hereket etmegi saýlanyňyzda köp tarapdan bähbitli zatlary gazanarsyňyz.

Has köp hereket ediň!

Ýaltalyga gabalan bolsaňyz we ol sizi şowsuzlyga getirýän bolsa, durmuşyňyza hereket goşmaly. Hereket diýmek näme ? Bu diýmek , siziň bilýän hereketiňiz  hakynda gürrüň gidýär. Şonuň üçin has köp ýöremegi, has köp ylgamagy, gysgaça aýdylanda öňküsinden has köp hereket etmegi maslahat berilýär. Sebäbi hereket etdigiňizçe  bedeniňizde we aňyňyzda has güýçli üýtgeşmeler duýarsyňyz. Aýdylanlaryň dogrudygyny görmek isleseňiz, ýeriňizden turup, ujypsyzja hereketleri ýerine ýetirmäge başlaň. Üstüňizdäki ýaltalykdan halas bolmaga çalşyň. Könelerimiz : “Herekete bereket “ diýipdirler.

      

Taýýarlan: Merjen Atagarryýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

                         

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty