- Portugaliýada ýagyş sebäpli işden galýarlar.
- Para şäherinde adamlar ýagşa görä, sagadyň wagtyny sazlaýarlar, sebäbi ol ýerde ýagyş günde şol bir wagtda ýagýar.
- “Darts” oýuny ýagyş sebäpli peýda bolupdyr. Bir wagtlar peýkamçylar oýun wagty ýagşyň aşagynda galýarlar. Ine, şondan soň peýkamçylar garbanyşhana girip, kiçi naýzalary diwarda asylyp duran nyşana gönükdirip, atyp başlapdyrlar.
- Hakykat-da ýagşyň ysy ýok. Ýagşyň ýakymly ysy diýip bilýänimiz, aslynda aktino we sianobakteriýalary döredýär. Ýagşa ys berýän madda geosim diýip atlandyrylar.
- Uganda halkyny ýyldyrym bilen gorkuzup bolmaýar. Sebäbi olarda ýylda 250 gezek ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagýar.
- Radioda howa maglumatynyň aýdylmagyna hem ýagyş sebäp bolupdyr. Amerika radiostansiýanyň ýolbaşçysy ýagşyň aşagynda galandan soňra, ýagyş hakynda bir gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek howa maglumatynyň aýdylmagyny ýola goýupdyr.
- Bostswanada adamlar biri-biri bilen “pula” diýip salamlaşýarlar, onuň manysy “ýagyş” diýmekdir. Mundan başgada bu döwletiň pul birligi hem “ýagyş”diýip atlandyrylýar.
- Kubada ýagyş diňe öýlän wagtynda, Tailandda bolsa diňe gije ýagýar.
- Eger-de adamzat çölde bolsa, ýagşyň aşagynda gury galmagy mümkin. Aslynda çölde ýagyş ýagýar, emma siz ony duýmaýarsyňyz. Çünki yssy howada ýagyş damjalary buga öwrülip ýere çenli ýetip gelmeýär.
- Çerapundja (Hindistan) dünýädäki iň ýagyşly şäherdir. Ýylda 26460 mm ýagyş ýagýar.
- Adaty ýagşyň turşulygy – pH 5,6. Eger turşulyk derejesi peselse, kislotaly ýagyş diýilýär. pH 5,5 ýagyş derejesinde bakteriýalar ölýär, 4,5 derejede bolsa mör-möjekler we balyklar ölýär.
- Agaýo ştatynyň Uaýnsberg şäherinde 100 ýyldan bäri, her ýylyň 29-nji iýulynda ýagyş ýagýar.
- Ýylda ýere 519000 km3 ýagyş ýagýar (Her 1km3 bu 1milliard tonna suwa deň).
- Takmynan 100 milliondan bir adamda ýagşa garşy allergiýa bolýar. Ýagşyň her bir damjasy bedene düşende, adam bedeni gyzarýar we çişýär. Eger-de beýle adamlar ýagşyň aşagynda galsalar gürrüňsiz ölýärler.
- Dünýäniň iň köp ýagyş ýagýan nokatlarynda gyşda suw ýetmezçiligi bolýan eken. Ýagyş ýagýan pasyllardan soňra gurakçylyk gelýän eken, hat-da ilat suwy başga şäherlerden satyn alýan eken.
Maglumatlary toplan: Humaý ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy