MEDENIÝET

Ýagşymyradow we Röwşenowa «Gurluş: Osman» teleserialda keşpleri janlandyrdy

Tùrkmenistanly  Döwletjan Ýagşymyradow we  Gözel Röwşenowa «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialda  keşpleri janlandyrdylar. Bu barada resmi habarlar saÿty www.turkmenistan.gov.tm saytynda bellenilyar.

Òñ habar beriṣimiz ÿaly 14-nji we 15-nji oktýabrda täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçiriler. Bu uly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino işgärleri paýtagtymyza gelip başladylar.

Aşgabat şäherine gelen ilkinjileriň biri, fransuz teatr we kino aktýory Eduar Montut boldy. Kinosöýüjiler ony «Taksi», «Asteriks we Obeliks: «Kleopatranyň» missiýasy» we beýleki filmlerindäki döreden keşpleri bilen tanaýarlar.

Şeýle hem Eduaryň kärdeşleriniň – «Taksi» filminde baş keşbi janlandyran fransuz aktýory Sami Naseriniň we «Ajaýyp asyr», «Saýrak guş», «Gara söýgi» teleseriallaryndaky janlandyran keşpleri bilen tanalýan meşhur türk aktýory Burak Özçiwitiň gelmegine garaşylýar.

Mundan başga-da film festiwalynyň maksatnamasynda Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende ýurdumyzyň wekilleri – garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrdylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi