TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” täze telefonlaryny çykarýar

Hytaýyň dünýä belli “Xiaomi” kompaniýasy iki sany täze smartfonynyň – 12S we 12S Pro satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Iki telefon hem täze “Snapdragon 8 Plus Gen 1” prosessory bilen üpjün ediler.

“Xiaomi 12S” smartfony uly bolmadyk “AMOLED” ekran bolup, ol 6,28 dýuýmdan ybaratdyr. Smartfonda 3 sany kamera bardyr we ol 8K durulygynda wideo ýazgy etmek mümkinçiliginer eýedir. Onuň batareýasynyň kuwwaty 4500 mAH-dyr.

“Xiaomi 12S Pro” bolsa, has uly ekrana eýe bolup, batareýasynyň kuwwaty 4600 mAH-dyr.

Bu telefonlaryň ilkinji bazary Hytaýyň özi bolar. Soňra global derejede satuwa başlanar. “Xiaomi 12S” smartfonynyň bahasy 4000 ýuan bolup, “Xiaomi 12S Pro” smartfony bahasy 4700 ýuana deňdir.

 

“Barselona” düzümini güýçlendirýär

Related posts

Domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibi tassyklandy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“WhatsAPP” habarlaşma Applikasiýasy birnäçe sagatdan bäri işlänok

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov