JEMGYÝET

<> 20-nji fewralda tanyşdyrylar

«Akylly» telefonlaryň dünýäsnde Hytaýyň «Xiaomi» komapniýasynyň ady soňky döwürlerde kän eşidilýär. Munuň esasy sebäbi bolsa kompaniýanyň önümleriniň dünýä bazaryndaky hyrydarynyň barha artmagydyr. Jahanyň çar künjündäki müşderilerine ozal hem kämil smartfonlaryň ençemesini hödürlän kompaniýa 20-nji fewralda täze telefonyny ― Mi 9-y tanyşdyrar.

Deslapky maglumatlara görä, Mi 8 bilen Mi 9-yň arasynda esasy iki tapawut bolar. Olaryň birinji surata düşüriji bölümiň ýüzündäki çerçewäniň biraz kiçelmegi, ikinjisi bolsa telefonyň arka tarapyndan üç ölçegli kamera modelidir. Mi 9 eýesiniň ýüzüni tanap bilmek ukybyna eýe bolmaz. Oňa derek ol eýesiniň barmak yzyny tanap biler.

8 gigabaýt RAM-a eýe boljak telefonyň bahasy heniz belli däl. Ýöne onuň ilkinji bahasynyň 500 dollar çemesi bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy