BIZNES

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Wengriýa dürli ýurtlardan gaz importyna baglydyr we ýakyn wagtda türkmen gazynyň satyn almagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Wengriýanyň  Daşary işler we söwda ministrliginiň Gündogar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter habar berdi.

“Energetika ulgamynda biz Türkmenistana ynamdar hyzmatdaş hökmünde garaýarys. Wengriýa dürli ýurtlardan gaz importyna bagly, şonuň üçin biz Türkmenistana-da uly umyt bilen seredýäris we Türkmenistanyň ýakyn wagtda Ýewropa, anygrak aýtsak Wengriýa gaz üpjünçisine öwrüler diýip tama edýäris” – diýip, ol Aşgabadda geçirilan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisinde belläp geçdi.

Wengriýanyň ÝB boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Piter Holiçýa bolsa žurnalistlere beren beýanatynda Türkmenistandan Wengriýa tebigy gaz söwdasy, şol sanda Hazar deňziniň ýalpaklarynda uglewodorodlary gözlemek we öwrenmek boýunça taslamalar hem-de geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça bilelikdäki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Ol, şeýle hem, Wengriýanyň Aşgabatda 22–24-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” atly halkara maslahata we sergä gatnaşmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi 29–30-njy sentýabrda Aşgabadda geçirildi, indiki mejlisiň Budapeştde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler