SPORT

Welotrek çempionatyna 186 ýurtdan türgenler gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Igor Makarow şu ýyl paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Welotrek boýunça Dünýä çempionatyna dünýäniň 186 ýurdundan türgenleriň gatnaşjakdygy mälim edildi. Şeýle hem bu halkara ýaryşyň mahabat işleri babatda ediljek işler barada hem pikir alşylandygy mälim edildi.

Welotrek boýunça Dünýä çempionatynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de merjen şäher Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň bellenýän ýylynda geçirilmeginiň uly ahmiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin geljek türgenlere koronawirus pandemiýasyna garşy sanjym etmek işinde ýardam ediljekdigi bellenildi.

Halkara ýaryşyň Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek binasynda geçiriljekdigi we onuň dünýä ülňülerine gabat gelýändigi mälim edildi.

Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hawiniň tälimçi hökmünde ilkinji çempionlygy

 

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy