JEMGYÝET

Welaýatlardaky at çapyşyklarynyň ýeňijileri

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli at çapyşyklary ýurdumyzyň welaýatlarynda hem geçirildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän maglumatlara salgylanyp, welaýatlardaky çapyşyklaryň ýeňijileri bilen tanyşdyrýarys.

Bal­kan­da. Ýeňiji —Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň «Ahal­gal­laö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­ne de­giş­li bo­lan Ba­ba­rap di­ýen dor aty. Baýragy — 10 müň amerikan dollary.

Da­şo­guz­da. Ýeňiji — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­la­ýat bö­lü­mi­niň Ab­raý­ly at­ly dor aty. Seýisi — Gurt­baý Al­la­ba­ýe­w. Çapyksuwary — Nur­ýag­dy Go­şa­ba­ýe­w. 2200 metr aralykda görkezen wagty — 2 mi­nut 45,8 se­kunt. Baýragy — 10 müň amerikan dollary.

Le­bap­da. Ýeňiji — Türk­me­nis­ta­nyň Howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň Zy­ýa­da at­ly dor gys­ra­gy. Çapyksuwary — Per­hat Ba­ba­ly­ýew. Baýragy — 10 müň amerikan dollary.

Ma­ry­da. Ýeňiji — Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Ma­ry­gal­laö­nüm­le­ri” önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň Ýa­dy­gär at­ly dor be­de­wi. Çapyksuwary — Işanguly Babalyýew. 2200 metr aralykda görkezen wagty — 2 mi­nut 34,89 se­kunt. Baýragy — 10 müň amerikan dollary.

Baş baýraklar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryldy.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi