JEMGYÝET

Welaýatlarda ýolagçy awtomenzilleriň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatylarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýolagçy awtomenzillerinde ýolagçylara şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus ugurlary boýunça ýokary hilli we medeniýetli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin doly mümkinçilikler döredilendigi aýdyldy.

Täze awtomenzillerde awtobuslara GPS arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol kartlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem bu ýerde ýolagçylar we sürüjiler üçin ýokary derejeli şertler üpjün edildi.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider