DÜNÝÄ

Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlaryň dakylmagy hem-de hünär derejeleriniň berilmegi olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna ýokary bahadyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanylýar. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglaryny kabul edip, Watana ebedi wepalylygyň, türkmen halkynyň parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Harby gullukçylar türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dowam etdirjekdiklerini nygtap, ýokary döwlet sylaglary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Irlandiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

San-Fransiskoda geçirilen Türk festiwalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar

Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Azerbaýjanda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýada saparda bolar