DÜNÝÄ

Walentina Matwiýenko Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek Russiýa Federasiýasy – Merkezi Aziýa Parlamentara forumyna hem-de Zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşar.

Zenanlaryň dialogynyň plenar mejlisinde zenanlaryň telekeçilik işlerindäki orny, maglumat tehnologiýasynyň we sanlylaşdyrmagyň ösüşi babatdaky meseleler boýunça pikir alşylar.

Walentina Matwiýenko saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşar.

Şeýle hem birnäçe taryhy-medeni desgalara gezelençler guralar.

Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Federal Geňeşiň başlygynyň orunbasarlary Galina Karelowa we Konstantin Kosaçew, Federal Geňeşiň halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygy Grigoris Karasin, Federal Geňeşiň ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Liliýa Gumerowa, Federal ýygnagyň durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygy Inna Swýatenko we Federal Geňeşiň halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladimir Jabarow bar.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rustami Emomalini kabul etdi

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi