JEMGYÝET

<>bilen <> önümçilikde birleşýär

Ýakynda Germaniýanyň «Volkswagen» hem-de ABŞ-nyň «Ford Motor» kompaniýalary bilelikdäki ilkinji awtoulaglaryny öndürip başlarlar. Heniz bu barada gutarnykly bildiriş berilmedik hem bolsa, garaşylýan bildiriş ýakyn günlerde «Detroit Auto Show»-da berlip biler.

Iki kompaniýanyň arasynda bilelikde önüm öndürmek baradaky ilkinji gepleşikler geçen ýylyň iýun aýynda geçirilipdi. Geleşige laýyklykda, kompaniýalar elektrik bilen işleýän ulaglary bilelikde öndürip, çykdajyny azaltmagy maksat edinýär. Soňlugy bilen bolsa bilelikde öndüriljek ulaglaryň sany barha köpeler.

Kompaniýalar bu bileleşigiň paýnamalara degişli bolman, diňe önümçilik bilen bagly boljakdygyny aýratyn nygtadylar. Bileleşikden soňra, häzirki wagtda Türkiýede «Forduň» «Otosan Transit» hem-de «Custom» kysymlarynyň öndürilýän zawodynda «Volkswagen» kompaniýasynyň «Crafter» we «Transporter» kysymly ulaglaryny hem öndürip başlamak meýilleşdirilýär. Iki kompaniýa hem ulag önümçiligi bilen başlanan hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmegiň tarapdary.

«Ford» kompaniýasynyň baş müdiri Jim Hakket 2017-nji ýylyň maý aýynda wezipä gelende, bir topar maddy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Hatda mesele müňlerçe işçini işden çykarmaga we käbir kysymlaryň önümçiligini bes etmäge çenli baryp ýetipdi. Şonuň üçin kompaniýa Ýewropadaky önümçiligi we bu bilelikdeligi maddy kynçylyklardan çykmagyň ýoly hökmünde görýär.

Maglumatlara görä, iki kompaniýanyň Türkiýede bilelikde öndürjek ulaglaryň hatarynda mikroawtobuslar hem bolar.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy